25-nji fewralda Täjik milli uniwersitetinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çärä BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Parwati Ramaswami, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň we Täjik dostluk we daşary ýurtlar bilen medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň wekilleri, Täjik milli uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä uniwersitetiň talyplary, şol sanda bu ýerde okaýan türkmenistanly talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Täjik milli uniwersitetiniň prorektory B.Safarmorat öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan şeýle ähmiýetli çäräniň, hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmeginiň uniwersitet üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol ylym-bilim ulgamynda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine taýýardyklaryny beýan etdi.
Ilçi A.Goçmyradow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň bermek bilen, şahyryň döredijiliginiň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini durmuşa geçirmekdäki ähmiýetini nygtady.
BMG-niň Täjigistandaky hemişelik utgaşdyryjysy P.Ramaswami çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň we bu başlangyjyň 86 ýurt tarapyndan goldanylmagynyň ýurduň ählumumy derejede parahatçylygy, ynanyşmagy we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işine ygrarlydygynyň güwäsidigini nygtady.
Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar bu ýokary okuw mekdebinde guralan ýörite sergi bilen tanyşdylar. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi. Şeýle hem bu kitaplaryň birnäçesi uniwersitetiň kitaphanasyna sowgat berildi.
Şol gün Türkmenistanyň ilçisi bilen uniwersitetiň prorektorlary B.Safarmoradyň we I.Gafforzodanyň arasynda duşuşyk geçirlip, onuň dowamynda ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

