25-nji fewralda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, brifingiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu kararnama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen döwletara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasynyň logiki dowamy we onuň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýan bolup durýar.
Gatnaşyjylara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada maglumat berildi.
Şu ýyl 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýyldaky şanly seneler – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy barada aýratyn durlup geçildi.