Awstraliýanyň Hindi ummanynyň günbatar kenarýakasynda mundan on ýyl öň ýiten Kuala-Lumpurdan Pekine uçuş amala aşyrýan «Boeing 777» ýolagçy uçarynyň gözleg işleri dikeldildi. Bu barada «9News» teleýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Uçaryň gözlegi bilen Malaýziýanyň Hökümeti tarapyndan çagyrylan «Ocean Infinity» amerikan kompaniýasy meşgullanýar. Kompaniýanyň hünärmenleri tas 15 müň inedördül kilometr çägi barlamaly bolarlar. Bu çäk Awstraliýanyň Pert şäherinden bir ýarym müň kilometrlikde ýerleşýär.
«Malaysia Airlines Boeing 777» uçary Malaýziýanyň paýtagtyndan Pekine 2014-nji ýylyň 8-nji mart gijesi uçupdy. Aradan 40 minut geçenden soňra ol radarlaryň ekranyndan ýitdi. Howa gämisinde şonda 227 ýolagçy hem-de ekipažyň 12 agzasy bardy. 2015-nji ýylyň ýanwarynda Malaýziýanyň Hökümeti olaryň hemmesi gurban boldy diýip yglan etdi. Çaklamalaryň birine görä, uçar Hindi ummanyna gaçdy.