«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti jaýlar we kottejler üçin penjireleriň hem-de gapylaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Kompaniýanyň önümleri ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ýörite talaplary göz öňünde tutulyp işlenip düzülýär. Gurluşlar täsirli ýylylyk izolýasiýasyny, goh-galmagaldan goragy üpjün etmek bilen, häzirki zaman energiýa tygşytlylygynyň standartlaryna laýyk gelýär, şol bir wagtyň özünde olar jaýyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Köplenç, standart bolmadyk şekilli we ölçegli penjireleri ulanmak zerurlygy ýüze çykýar, bu bolsa taslama we önümçilik işinde aýratyn çemeleşmäni talap edýär.
«Maksatly Türkmen» süýşýän, panorama, çarçuwasyz we beýleki görnüşli penjireleri hödürleýär. Şeýle hem kompaniýa dürli görnüşli gapylary, şol sanda iki tarapa açylýan, süýşýän portal gapylary we eplenýän gapylary öndürýär. Mundan başga-da, «Maksatly Türkmen» eýwanlary, terrasalary, bassyrmalary we beýleki desgalary aýna bilen örtmek hyzmatyny hödürleýär.
«Maksatly Türkmen» ölçeg almakdan we taslamany düzmekden başlap, gurnama işlerine çenli hyzmatlaryň doly toplumyny üpjün edýär. Işler ýokary hilli serişdeleri we gurluşlary ulanmak arkaly ussat hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Kompaniýanyň Aşgabatda şu salgyda ýerleşýän ofisinde penjireleri we gapylary sargyt edip bilersiňiz: G.Kuliýew köçesiniň 28-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- telefonlar: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33;
- sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: