Hindistanyň Bangalor şäheriniň Abhişek atly ýaşaýjysy filmiň öňünden görkezilen uzak mahabat üçin «PVR Cinemas» kinoteatrlar zynjyryndan kazyýetiň üsti bilen öweztölegini aldy. Bu barada «India Today» saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Erkek kişi kinoteatry we petek satýan «BookMyShow» saýtyny geçen ýylyň dekabrynda kazyýete berdi. Ol filmiň görkezilmeli wagtyndan 25 minut giç başlandygyndan, ýagny şonça wagt dowam eden mahabat zerarly işden gijä galandygyndan arz etdi.
«PVR Cinemas» kinoteatrynyň hukukçylary kazyýetde filmiň öňünden mahabat görkezilmeginiň gijä galýan tomaşaçylar üçin niýetlenýändigini nygtadylar, emma kazy mahabatyň 10 minutdan uzak dowam etmeli däldigini, onsoňam mahabatyň sosial ähmiýetli däl-de, işewürlik maksatlydygyny aýdyp, arz edeniň tarapyny tutdy.
«Häzir wagt— pul. 25-30 minut bolsa, kinoteatrda bikär oturmak üçin çakdanaşa uzak wagt. Adamlaryň onsuzam işi ýetik» diýen kazy kinoteatry Abhişege 28 müň rupiýa tölemäge borçly etdi. Kazynyň çözgüdine laýyklykda, kinoteatr indiden beýläk filmiň hakyky başlanjak wagtyny görkezmeli bolar.