Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy we Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky yzygiderli pugtalanýan we kämilleşýän gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň guwandyryjydygyny belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dostlukly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Ýaponiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.