«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynyň çig mal binýadynda dürli görnüşli ýokary hilli duz öndürýän önümhanalar gurlar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, “Guwlyduz” kärhanasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri ýola goýmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurtda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak bilen, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleriň ýola goýulýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynyň çig mal binýadynda dürli görnüşli ýokary hilli duzlary öndürýän önümhanalary gurmak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.