Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti Dubaýda geçirilen Gulfood 2025 sergisinde öz önümlerini üstünlik bilen tanyşdyrdy

17:2121.02.2025
0
30596

Türkmenistanyň öňdebaryjy alkogolsyz içgileri öndürijisi bolan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti 17-21-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Gulfood 2025 halkara sergisine gatnaşdy.

Ýüpekçi öz diwarlygynda Bold, Softea, Hoşal Kids, Bulwar, Ýedigen, Buzz, Real we Näzli ýaly meşhur brendleri goşmak bilen, önümleriň giň görnüşini görkezdi. Sergä gelýänler dürli tagamlaryň köpdürlüligi bilen tanşyp, içgileriň ýokary hil derejesine baha berdiler. Sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çeken täze önüm Näzli ady bilen çykarylan nar tagamly gazlandyrylan içgisi boldy, ol şeýle-de Türkmenistanyň supermarketleriniň satuw tekjelerinde peýda boldy.

Gulfood sergisi dünýäde iň uly azyk senagaty we içgi önümçiligi boýunça ýyllyk sergi bolup, onda Ýüpekçi kompaniýasy eýýäm üçünji ýyl öz önümleri bilen tanyşdyrýar we özüniň eksport aragatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Adaty görnüşde bu çäre pudagyň giň ugurly hünärmenleri: supermarketleriň eýelerinden we distribýutorlardan başlap myhmanhana işewürliginiň we döwlet edaralarynyň wekillerine çenli hünärmenleri özüne çekýär. Serginiň dört gününiň dowamynda iş duşuşyklarynyň iň köp sany geçirilýär we ençeme täjirçilik ylalaşyklary baglaşylýar.

Gulfood 2025 sergisine gatnaşmak Ýüpekçi kompaniýasyna öz önümlerini halkara derejesinde görkezmäge, täze iş aragatnaşyklaryny ýola goýmaga we satuw bazarlaryny giňeltmäge ajaýyp mümkinçilik berdi.

Ýüpekçi kompaniýasynyň önümleriniň doly görnüşleri bilen kompaniýanyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz: yupekchi.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň