«Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasy müşderilere halkara internet platformalardan haryt satyn almaga ýardam edýär. Täze hyzmat diňe bir satyn alnan harytlary eltip bermek bilen çäklenmän, eýsem, söwda etmek işine doly goldaw bermegi hem öz içine alýar.
Kompaniýanyň hünärmenleri müşderilere ygtybarly internet dükanlaryny saýlap almaga, şeýle hem sargytlary ýola goýmaga we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge kömek edýärler. Bu hyzmat, aýratyn-da, dil bilmezlik meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýa-da daşary ýurt web saýtlaryndan söwda etmekde töleg geçirip bilmeýän müşderiler üçin örän amatlydyr.
«Dünýä Ulag Hyzmatlarynyň» müşderileri ýerli bazarda tapdyrmaýan özboluşly harytlary satyn almaga mümkinçilik alýarlar. Bular seýrek kolleksion neşirler, özboluşly egin-eşikler, ýöriteleşdirilen enjamlar ýa-da adaty dükanlardan tapmak kyn bolan beýleki harytlar bolup biler.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Mary şäheri, Bagtyýarlyk köçesiniň 52А jaýy (ozalky Atabaýew), «Ojar Aziýa» binasy, 1-nji gat;
- telefon belgileri: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: