9 — 18-nji fewral aralygynda Aşgabat şäherindäki Küşt-şaşka mekdebinde geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň oýunlary tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň «Turkmenportal» habar bermegine görä, bu ýaryş taryhy üstünliklere we garaşylmadyk netijelere baý boldy.
Ýaryşyň iň uly sensasiýasy 14 ýaşly Jahan Rejepowanyň zenanlaryň arasynda çempion bolmagydyr. Tälimçi Zumrat Açilowanyň elinde türgenleşýän türkmenabatly ýaş zehin mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utuk gazanyp, örän kämil oýny bilen tapawutlandy. Bu ýeňiş onuň Türkmenistanyň taryhynda küşt boýunça iň ýaş çempion bolmagyna getirdi. Ikinji orny 8,5 utuk bilen Ogulsuraý Baýramowa eýeledi. Üçünji orna bolsa 7,5 utuk bilen Leýla Şöhradowa mynasyp boldy.
Açyk derejede çempionlyk Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 20 ýaşly talyby Wepaly Halynyýazowa nesip etdi. Ol 7,5 utuk toplady. Bu derejede 19 ýaşly Leýla Şöhradowanyň hem ajaýyp çykyş edendigini bellemek gerek. Ol ýaryşa gatnaşan ýeke-täk zenan bolup, erkekleriň arasynda 7 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orna bolsa Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew mynasyp boldy.
Çempionatyň jemleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi kesgitlenildi. Bu ýygyndy topar ýakyn wagtda Gazagystanda we Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek halkara ýaryşlarda ýurduň adyndan çykyş eder. Toparyň düzüminden zenanlar we açyk derejede baýrakly orunlary eýelän türgenler, şeýle-de grossmeýster Meýlis Annaberdiýew we Saparmyrat Atabaýew orun aldy.
«Bu ýaryşyň netijeleri biziň ýaş küştçileri ösdürmek üçin ýola goýan strategiýamyzyň üstünlikli işleýändigini görkezýär. Biz ýokary ligadaky oýunçylaryň ortaça ýaşynyň peselýändigini we liderler bilen beýleki türgenleriň arasyndaky dereje tapawudynyň azalýandygyny görýäris» diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew belledi.