Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bereket şäherindäki tikin kärhanasynda bir aýyň dowamynda 1 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

11:4819.02.2025
0
10476

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bereket şäherindäki tikin kärhanasynyň tikinçileri 2025-njiý ýylyň ilkinji aýynyň önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şu döwürde taýýarlanylan tikin önümleri 20 müňden geçdi. Olaryň pul hasabyndaky möçberi 1 million 25 müň manatlyga barabar boldy. Bu barada «Balkan» gazeti habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň tikinçileriniň yhlas bilen taýýarlaýan ýorganlary, düşeklerdir ýassykdaşylary, dürli egin-eşikleri, tikin we örme önümleri söwda bölümlerinde uly isleg bilen satyn alynýar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bereket şäherindäki tikin kärhanasynda işler Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tikin enjamlarynda ýerine ýetirilýär. Munuň özi tikinçileriň ýokary hilli önümleri öndürip, guwandyryjy görkezijileri gazanmaklaryna ýardam edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň