Günorta Amerikanyň klimaty soňky 50 ýylda çynlakaý özgerişlikleri başdan geçirdi, hünärmenler sebitde howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny hem-de guraklygyň güýçlenmegini hasaba alýarlar. Bu barada «Prensa Latina» habarlar agentligine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Hünärmenler sebitde görlüp-eşidilmedik tokaý ýangynlarynyň şäherlere ýetendigini, şol sanda Çiliniň tokaýlarynda dörän ýangynlaryň soňky ýüzýyllykda iň güýçli bolandygyny aýdýarlar. Guraklyk möwsümleridir ýeňmek kyn bolan ýangynlar we tüssäniň toplanmagy hatda kosmosdan hem görünýär.
Ýagny 1971-nji ýyldan 2000-nji ýyla çenli ýylda 40 günüň temperaturasynyň ýokarlanandygy hem guraklygyň hasaba alnandygy nygtalýar. Bu gün bu görkeziji ýylda 100 güne, Günorta Amerikanyň käbir etraplarynda bolsa 200 güne çenli artdy. Şunda 2024-nji ýylyň synlamalaryň tutuş taryhynda iň maýyl bolandygy hasaba alyndy.
Alymlar howanyň şeýle üýtgemeginiň sebäbi barada jedelleşýärler. Käbirleri munda Ýuwaş ummanyň üstüniň temperaturasynyň ýokarlanmagyna getirýän El-Nino klimatik hadysasyny günäkärlese, beýlekiler parnik gazlaryň sebitdäki täsiri barada aýdýarlar.