Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Stambulyň howa menzilinde gatnawlar gar ýagmagy sebäpli ýatyrylýar

09:5919.02.2025
0
10525
Stambulyň howa menzilinde gatnawlar gar ýagmagy sebäpli ýatyrylýar
Surat: ria.ru

Çarşenbede, ýagny şu hün Türkiýäniň Stambul şäheriniň demirgazygyndaky howa menzilinde (IST) ýaramaz howa sebäpli birnäçe gatnawlar ýatyrylar diýip, «Turkish Airlines» howa gullugy habar berdi. Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.

Öň Stambulyň gündogaryndaky Sabihi Gökçen adyndaky howa menzili penşenbe we anna günlerinde içerki hem-de halkara awiagatnawlaryň, 15 göterime çenlisiniň sinoptikleriň güýçli gar ýagjakdygy barada çaklamasy sebäpli, ýatyryljakdygyny habar berdi. Ýatyrylan uçuşlaryň arasynda onlarça içerki gatnawlaryň, şeýle hem Moskwa, Amsterdam, Saloniki, Tähran we Doha şäherlerine uçuşlaryň bardygy aýdylýar. Gürrüň çarşenbede azyndan 60 uçuş barada gidýär.

Stambul, Antalýa we beýleki birnäçe ülkeleriň häkimiýetleri şu gün howanyň derejesiniň 8-12 gradusa çenli sowajakdygyny duýdurdylar. Stambulda güýçli gar ýagar diýlip, bellenýär.

Bu fewralda eýýäm howanyň üçünji sowamasydyr, öň Stambulyň howa menzilleri gar ýagmagy sebäpli ýüzlerçe uçuşlary ýatyrypdylar, emma gar etraplaryň köpüsinde şolbada eredi. Bu ugurda rekord 1987-nji ýylda hasaba alyndy, şonda şäherde garyň galyňlygy 1 metre ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň