Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri gyşlaýan haýwanlaryň hasabyny aldylar

15:1318.02.2025
0
31015
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri gyşlaýan haýwanlaryň hasabyny aldylar
Surat: mineco.gov.tm

Golaýda ýagan garyň galyňlygyny barlamak, şeýle hem ýabany haýwanlar boýunça gözegçilikleri geçirmek maksady bilen Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň töwerekleri bilen Halaç dagynyň aralygyndaky giňişlikde ylmy barlag işleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen makalada bellenilýär.

Barlag işleriniň barşynda gulanlar üçin goraghananyň Gäwers bölüminde taýýarlanan otlar meýdanlara goýuldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň daş-töwereklerinde ekilen sazak tokaýlyklaryň içinde guşlaryň dürli görnüşi, towşan we tilki gabat geldi.

Gulanlar ýaýran meýdanlarynda şol ýerde bakylýan goýundyr-geçileriň sürüsine golaý gezýärler hem-de çopanlara gowy öwrenişipdirler. Gulan – Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen görnüş. Bu görnüşiň sanyny dikeltmek wajyp işleriň biridir. Şonuň üçin hem çopanlaryň we çöl tokaýlary dikeltmek boýunça işleri ýerine ýetirýän edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda gulanlary gorap saklamak barada söhbetdeşlikler geçirilýär.

Gulanlaryň ýaýrawy Guryhowdan çäkli goraghanasynyň meýdanlarynyň çägini, esasan hem Halaç dagyna golaý ýerleri öz içine alýar, şeýle hem çäkli goraghananyň meýdanlaryna golaý Ak bugdaý etrabynyň dagetek düzlükleri olaryň esasy ýaşaýan meýdanlarydyr.
Barlag işlerini geçiren hünärmenler gulanlaryň 7-sini hasaba aldylar, şeýle hem sürüden aýratyn gezýän iki gulan hasaba alyndy. 2024-nji ýylda gulanlaryň iki sanysy goduklady. 2025-nji ýylda hem gulanlaryň köpelmegine garaşylýar.

Guryhowdan çäkli goraghanasynyň inspektor topary gulanlary gorap saklamakda talabalaýyk işleri guraýarlar, her gün olaryň otlaýan meýdanlaryny gözegçilikde saklaýarlar.

Ylmy barlagyň dowamynda Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly daýhan birleşiginiň ýol ugurlaryndaky ekinçilikde hüýpüpik guşy hasaba alyndy. Hüýpüpik – uçup geçýän-höwürtgleýän, az mukdarda gyşlaýan görnüş. Bu guş mart aýynyň başynda uçup gelýär. Hasaba alnan hüýpüpik guşy Türkmenistanda gyşlamaga galandyr diýip çaklanylýar. Şeýle hem barlag geçirilen meýdanlarda sakgally garaguş, göwenek, syçançy, mollatorgaý, ekinçi garga gabat geldi diýlip, makalada bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň