Alymlar eger zerurlyk döräýse, dünýä wagt hasabyndan bir sekundy aýryp bilerler. Bu barada Bütinrussiýa fiziki-tehniki we radiotehniki ölçegler ylmy barlag institutynyň baş direktory Sergeý Donçenko habar berdi.
Alym öz kärdeşi Witaliý Palçikowyň Ýeriň aýlanmagynyň soňky ýyllarda örän tizleşýändigi barada beýanatyna düşündiriş bermek bilen, munuň öwezini dolmak üçin 2029-njy ýylda dünýä wagt hasabyndan bir sekundy aýyrmaly boljakdygyny nygtady.
Donçenkonyň sözlerine görä, bir sekunt goşmak ýa-da aýyrmak aslynda kyn däl. Alym Ýeriň aýlawynyň kä artýandygyny, käte haýallaýandygyny aýdyp, häzir onuň tiz aýlanýandygyny belledi. Emma alymlar munuň sebäbini bilmeýärler. Mümkin bolan sebäpleriň biri-de maýlama, buzluklaryň eremegi we suwuň agramynyň täzeden paýlanmagy bolup biler.
Häzir Ýer gyzýar, onuň içinde okgunly özgerişlikler bolup geçýär. Munuň sebäbi howa taşlanýan zyýanly zyňyndylar bolmagy mümkin we ol uly heläkçiligiň golaýlaýandygyny görkezmeýär diýip, alym sözüniň üstüne goşdy.
Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.