Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň resmi wekili Innowasion Çözgüt kompaniýasy 2025-2026-njy okuw ýyly üçin dalaşgärleriň kabul edilip başlanandygyny yglan edýär

16:2517.02.2025
0
28363

Innowasion Çözgüt kompaniýasy türkmen dalaşgärlerine Belarusyň uniwersitetlerine okuwa girmek mümkinçiligini hödürleýär.

Innowasion Çözgüt Türkmenistanda diplomlary ykrar edilen birnäçe uniwersitetler bilen resmi aragatnaşyklary saklaýar we 2025-2026-njy okuw ýyly üçin kabul ediş toparlarynyň bildirýän häzirki talaplaryny göz öňünde tutýar.

Kompaniýanyň hyzmatdaşlarynyň sanawyna aşakdaky ýedi abraýly ýokary okuw mekdebi girýär:

  • Belarusyň milli tehniki uniwersiteti (BMTU)
  • Belarusyň döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU)
  • Ýanka Kupala adyndaky Grodnonyň döwlet uniwersiteti (Ý.Kupala ad. GDU)
  • Poloskiýniň döwlet uniwersiteti (PDU)
  • Gomeliň döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GDLU)
  • Grodnonyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GDLU)
  • Gomeliň Fransisk Skorina adyndaky döwlet uniwersiteti (F.Skorina adyndaky GDU)

Kompaniýanyň wekilleri köp maksatnamalaryň, aýratyn-da lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary we inženerçilik hünärleriniň iňlis dilinde okatmak üçin elýeterdigini belleýärler.

Innowasion Çözgüt kompaniýasy Belarusda okuwa girmek we bilim almak bilen bagly hyzmatlaryny doly göwrümde hödürleýär: uniwersiteti we hünär ugruny saýlamakda, şeýle hem okuwa girmek we wiza almak üçin zerur bolan ähli resminamalary resmileşdirmekde kömek berýär.

Goldaw çäreleriniň çäklerinde Innowasion Çözgüt kompaniýasy kabul ediş toparlary bilen onlaýn söhbetdeşlikleri guraýar, talyplary Belarusda garşy alýar, okamaly ýerine çenli ugratmagy öz üstüne alýar we uýgunlaşmaga kömek berýär. Şeýle çemeleşme dalaşgärlere býurokratik iş amallaryny azaltmaga we okuwa taýýarlyk görmeklige üns bermäge mümkinçilik berýär.

Innowasion Çözgüt kompaniýasy şeýle hem dalaşgärlere 2025-nji ýylda okuwa girmek üçin täze şertler barada häzirki maglumatlar bilen üpjün edýär. Bu ýaş aýratynlyklary, okuwyň tölegleri, uzak aralykdan kabul ediş aýratynlyklary we Belarusyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan bildirilýän beýleki talaplar barada maglumatlary öz içine alýar.

Belarusda üstünlikli bilim almak ýoluňyzy başlamak üçin has giňişleýin maglumat almak üçin wagt ýitirmän Innowasion Çözgüt kompaniýasy bilen habarlaşyp bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin:

  • salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köç., jaý 120/1, «Şirin Nygmatlar» binasy;
  • telefon belgileri: (+993 71) 75 68 82, (+993 71) 89 16 38, (+993 71) 89 16 39;
  • elektron poçtasy: mailto:innovationchozgut.co@gmail.com, mailto:innovationchozgut@mail.ru, mailto:innovationchozgut@outlook.com;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň