Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Katmer» kafesi: özüňizi Türkiýede ýaly duýuň

12:1117.02.2025
0
17001

«Katmer» kafesine barmak bilen, Türkiýäniň jadyly dünýäsine aralaşyň. Bu ýerde size diňe bir ajaýyp interýer däl, eýsem, hakyky türk myhmansöýerligi hem garaşýar.

«Katmerde» size milli usulda demlenen hoşboý ysly türk çaýyny taýýarlarlar. Içgi owadan armudalarda – diňe bir çaýy ýyly saklaman, eýsem, onuň reňkinden we ysyndan lezzet almaga mümkinçilik berýän armyt şekilli ýörite stakanlarda hödürlener.

«Katmer» kafesi çaýyňyz bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän tagamly türk süýjülikleri bilen meşhurdyr.

«Katmer» – şäheriň goh-galmagalyndan daşlaşyp, hakyky türk aşhanasynyň tagamlaryndan lezzet alyp, rahat we dostlukly gurşawda wagt geçirip boljak ýerdir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Ankara köç., 19 (ozalky Ýubileýnaýa);
  • telefon (+993 63) 24 99 44;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň