Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» futbolçylary TFF-nyň Kubogyndaky ilkinji oýnunda «Aşgabady» ýeňdiler

10:5615.02.2025
0
30294

Babarap geňeşliginde geçirilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynda «Ahalyň» futbolçylary özleriniň ilkinji duşuşygynda «Aşgabady» ýeňdiler.

Anna güni geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Ýeňiji klubyň düzüminde Magtymberdi Berenow (5) we Ýakupmyrat Gowşudow (81) tapawutlandylar. Ýeňlen komandanyň düzüminde goly Oraz Orazow (26) geçirdi.

Indiki tapgyrda 16-njy fewralda «Ahal» kluby «Arkadag» bilen oýnar, «Nebitçi» topary «Merw» bilen duşuşar, «Aşgabat» bolsa «Şagadamy» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň