Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wuçiçe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Serbiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.