«Porsche» nemes awtoulag öndüriji kärhanasy 2029-njy ýyla çenli 1,9 müň iş ornuny kemeltmegi meýilleşdirýär diýip, kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan «Belta.by» habar berýär.
Tygşytlamak maksady bilen kabul edilen maksatnama laýyklykda, «Porshe» kompaniýasynyň Ştutgartdaky we Baden-Wýurtemberg federal ýerindäki zawodlarda işgärleriň sanyny azaltmak göz öňünde tutulýar.
Habarda kompaniýanyň awtoulaglaryna häzirki wagtda Hytaýda islegiň pese gaçmagy bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýändigi bellenýär.