Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aprelde ilkinji «ÝB — Merkezi Aziýa» sammiti geçiriler

14:0814.02.2025
0
15131
Aprelde ilkinji «ÝB — Merkezi Aziýa» sammiti geçiriler
Surat: Newscentralasia.net

Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Antoniu Kosta Ýewropa Bileleşiginiň Prezidenti Ursula fon der Lýaýen bilen bilelikde ilkinji «ÝB — Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana sapar bilen geler. Sammit 3-4-nji aprelde geçiriler. Bu barada Ýewropa Geňeşiniň ýaýradan metbugat beýanatyna salgylanyp, «nCa» portaly habar berdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmegine geçiriljek sammite Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bellenilişi ýaly, sammit ÝB üçin Merkezi Aziýa bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda täze gözýetimleri açar.

Mundan başga-da, 4-nji martda Aşgabatda «ÝB — Merkezi Aziýa» formatyndaky dialogyň 20-nji ministrler duşuşygy geçiriler. Onda, esasan, öňde boljak ilkinji «ÝB — Merkezi Aziýa» sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýeri gelende bellesek, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Şeýle-de sebite gönükdirilen daşarky maýa goýumlaryň 40 göterimden gowragy ÝB-niň paýyna düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň