«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri iň köp berilýän sowallara jogap berdiler.
Siz hyzmatlaryň haýsy görnüşlerini hödürleýärsiňiz?
Biz hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýäris: plastik we alýuminiý penjireleri, gapylary taýýarlamak hem-de oturtmak, taplanan aýnadan taýýarlanylan ofis aralyk diwarlaryny, dürli materiallardan ýasalýan perilalary, duş kabinalaryny, aýna akkordeon gapylary, awtomatiki rolikli penjire örtmelerini, awtomatiki bölümleýin derwezeleri we gapylary, çekilýän örtükleri we pergolalary, balkon aýnalaryny we ofisler hem jaýlar üçin beýleki gurluşlary öndürmek we gurnamak işlerini ýerine ýetirýäris.
Welaýatlarda hem işleýärsiňizmi?
Hawa, biz hyzmatlarymyzy Türkmenistanyň ähli ýerinde, şol sanda welaýatlaryň ähli künjeginde ýerine ýetirýäris. Hünärmenlerimiz ölçeg almak we gurnama işlerini geçirmek üçin gerekli ýere işleýärler.
Aýnanyň haýsy görnüşlerini ulanýarsyňyz?
Aýnanyň dürli görnüşlerini ulanýarys: bir kameraly aýna bölümleri, iki kameraly aýna bölümleri, energiýa tygşytlaýan aýnalar, Günden goraýjy aýnalar we beýlekiler. Aýnany saýlap almak siziň islegiňize we gurşawyň aýratynlyklaryna baglydyr.
Penjireleriň we gapylaryň açylyşynyň nähili görnüşlerini hödürleýärsiňiz?
Biz bu gurluşlaryň açylyşynyň köpdürli görnüşlerini hödürleýäris: öwrümli, egme, çekme, balkon gapylary we ş.m.
Furnituralaryň haýsy görnüşlerinden peýdalanýarsyňyz?
Işimizde diňe dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary hilli furnituralaryndan peýdalanýarys. Olar önümlerimiziň berk hem ygtybarly bolmagyny üpjün edýär.
Size adaty bolmadyk penjireleri, gapylary we beýleki gurluşlary sargyt edip bolýarmy?
Hawa, biz islendik ululyga we dizaýna görä, özbaşdak sargyt esasyndaky penjireleri we gapylary hem taýýarlaýarys.
«Maksatly Türkmen» HJ-niň önümleri barada has giňişleýin maglumatlary turkmenglass.com web saýtyndan tapyp, ýa-da kompaniýanyň şu salgyda ýerleşýän Aşgabatdaky ofisinden alyp bilersiňiz: G.Kulyýew köçesi, 28-nji jaý.
Telefon belgileri: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33.
Şeýle-de okaň:
Fotoreportaž: «Maksatly Türkmen»: siziň hyýalyňyzdaky penjireler we gapylar