ABŞ-nyň Hökümetinde döwlet dolandyrylyşynyň täsirliligi boýunça edara ýolbaşçylyk edýän işewür Ilon Maskyň ogly işewüriň Prezident Donald Tramp bilen bilelikdäki metbugat maslahatyna gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu barada «Bild» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Habarda bellenişi ýaly, Mask soňky döwürde öz ogullarynyň biri – dört ýaşly X Æ A-Xii atly oguljygyny syýasy çärelere köp äkidýär. Makalanyň awtorynyň pikiriçe, ol şeýle etmek bilen, amerikalylary köp çaga edinmäge ruhlandyrmakçy bolýar.
Emma bu gezek Ak tamda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri bilen duşuşykda oglanjyga bir ýerde durmak kyn düşdi diýlip, habarda aýdylýar.
«Şonuň üçin ol çagalaryň köplenç edýän hereketlerini etdi: ýüzjagazyny çytdy, kakasynyň ýüzünden ýapyşdy, gujaklady, daş-töweregindäki adamlary synlady. Kakasy gepleýärkä, birnäçe gezek onuň sözüni böldi» diýip, žurnalistler ýazdylar. Şeýle hem işewüriň ogly stoluň başynda oturan Trampyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Soňra onuň ýanynda durup, burnuny dyrmalady. Emma Ak tamyň hojaýyny onuň garagollugyny parahat synlady hem-de habarçylar bilen gürrüňdeşligini dowam etdi.