Rim Papasy Fransisk 9-njy maýda Russiýanyň paýtagtynda geçjek Beýik Ýeňşiň baýramy bilen bagly dabaralara gatnaşmak meýliniň ýok däldigini ýaňzytdy. Ol bu baýramyň şatlygyny rus halky bilen bilelikde paýlaşmak isleýär diýip, RF-niň dindarlarynyň Bütindünýä bileleşiginiň başlygy Leonid Sewastýanowa salgylanýan «Regnum.ru» habar berdi.
«Papa SSSR-iň düzümine giren halklaryň Beýik Watançylyk urşunda çeken pidalary barada hakydanyň goralyp saklanmagynyň möhümdigini nygtaýar. Bu hakyda mukaddesdir. Papa degişli çakylyk gelse, Beýik Ýeňşiň hatyrasyna Moskwada geçjek ýörişe gatnaşmakçy» diýip, Sewastýanow nygtady.
Beýik Ýeňşiň hormatyna dabaraly ýöriş 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Moskwada Gyzyl meýdanda 80-nji gezek geçer. Bu möhüm waka bilen bagly Russiýanyň ýolbaşçylary dünýä döwletleriniň Liderleri çagyrýarlar. Öň dabaralara HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmakçydygy belli boldy.