Gresiýanyň Parlamenti ýurduň Prezidenti wezipesine öň Parlament başlygy bolan Kostas (Konstantinos) Tasulasy saýlady. Ony wezipä ýurduň Hökümet başlygy Kiriakos Misotakis hödürledi.
Tasulas dördünji gezekki ses berlişikde Prezident wezipesine saýlandy. Öň 25 we 31-nji ýanwarda hem-de 6-njy fewralda geçen ses berlişikler şowsuz tamamlanypdy. Dördünji tapgyrda täze Prezident sesleriň 151-sini almagy başardy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Tasulasy döwlet Baştutanynyň wezipesine Parlamentde 156 mandatyň eýesi bolan ýurdy dolandyryjy «Täze demokratiýa» partiýasy teklip etdi. Ses berlişik Parlamentiň «Vouli» teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkezildi.