Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Dejavu» restorany: gastronomiki açyşlar we ajaýyp atmosfera

10:2413.02.2025
0
19445

Aşgabadyň adaty bolmadyk tagamlary, ýakymly aýdym-sazlary hem-de ajaýyp atmosferada bularyň bitewi sazlaşygyny gözleýän ýaşaýjylary we myhmanlary «Dejavu» restoranyna ýokary baha berseler gerek.

«Dejavu-nyň» menýusyndan Ýewropanyň dürli ýurtlarynyň aşhana däplerinden ruhlanan nusgawy fransuz naharlaryny we aşpezlik tagamlaryny tapyp bilersiňiz. Bu ýerde her kim özi üçin täze tagamlary açyp hem-de aşpezlik sungatynyň hakyky eserlerinden lezzet alyp biler.

Restoranyň interýeri her bir kiçijik bölegine çenli oýlanyşykly gurnalan. Ajaýyp gurşaw, pikirlenip saýlanylan aýdym-sazlar, ýokary derejeli hyzmatlary ýetirýän işgärler dynç almak üçin örän amatly atmosferany döredýär.

«Dejavu» restorany — bu diňe bir datly naharlary iýmek üçin niýetlenen ýer hem däl. Ol hakyky gastronomiki tagamlaryň täsirini duýmak, restoranyň göwnejaý gurşawynda geçirilen her minutdan lezzet almak üçin tüýs isleg bildirilýän ýer.

Aşgabatdaky «Dejavu» restoranyna baryp görüň we özüňize täsin aşhanalar dünýäsini hem-de ajaýyp atmosferany açyň!

Restoran 10-njy kiçi etrapçadaky «Dagbaşy» binasynda ýerleşýär.

Stol sargyt etmek we goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň ediň: (+993 60) 19 19 02 we (+993 60) 19 19 03. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň