Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi bilen Kataryň Gümrük gullugynyň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi

10:1613.02.2025
0
12666
Türkmenistanyň ilçisi bilen Kataryň Gümrük gullugynyň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň Gümrük gullugynyň başlygy Ahmed bin Abdullah Al-Jamal bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini hem-de ýurtda şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: Orient.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň