Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

09:5213.02.2025
0
13524
«Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli tikinçi zenanlaryň arasynda «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Indi üçünji gezek geçirilen bäsleşige Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de welaýatlardan her biriniň düzümi üç gatnaşyjydan ybarat bolan jemi ýedi topar gatnaşdy. Bäsdeşleriň arasynda mugallymlardyr terbiýeçiler, kitaphanaçylar, şepagat uýalary, öý hojalykçylar bar.

Etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, saýlanmagy başaran zenanlar, bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, üç şert boýunça bäsleşdiler.

Ilki gelin-gyzlar ýurtda gazanylýan üstünlikleri, ösüşleri wasp etdiler, halkyň milli özboluşlylyklary, zenanlaryň erkana işlemegi, hünär öwrenmegi, telekeçilik, el işleri bilen meşgullanmagy üçin döredilýän şertler barada ýürek buýsanjyny çeper sözlerde beýan etdiler. Olaryň käbiri çykyşlarynda öz ýazan goşgularyny hem labyzly okady.

Soňra bäsdeşler otuz minudyň dowamynda 6-7 ýaşly gyzjagazlar üçin köýnek tikdiler. Toparlar tiken köýneklerine salan nagyşlary, olaryň gadymylygy, aňladýan manylary, türkmen lybaslarynyň biçilişi, tikilişi barada gürrüň berdiler.

Bäsleşigiň jemleýji şertine görä, çeper elli zenanlaryň Gahryman Arkadagyň käbesi, Arkadagly Gahryman Serdaryň enesi Ogulabat ejäniň döreden amaly-haşam sungat işlerinden nusga alyp tiken lybaslarynyň görkezilişi guraldy. Türkmen zenanynyň asylly gylyk-häsiýetlerini, ruhy dünýäsini, uz barmaklaryň hünärini şygyr bentleriniň, aýdymdyr gazallaryň, rowaýatdyr tymsallaryň üsti bilen wasp etdiler.

Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, bäsleşigiň baş baýragyna Ahal welaýatynyň çeper elli zenanlary mynasyp boldular. Birinji orny Daşoguz we Mary welaýatlarynyň, ikinji orny Arkadag hem-de Aşgabat şäherleriniň, üçünji orny bolsa Balkan we Lebap welaýatlarynyň gelin-gyzlary eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň