Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen samboçylary Belarusda geçirilen halkara ýaryşyň ikinji gününde 7 medal gazandylar

23:4412.02.2025
0
18938

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda geçirilýän sambo göreşi boýunça 29-njy Halkara ýaryşyň ikinji gününde türkmen türgenleri aşakdaky netijeleri görkezdiler.

Zenanlaryň arasyndaky sport sambosynda Zarina Abdurahmanowa 54 kg çenli agram derejede üçünji ýeri eýeledi. Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Bahtyýar Bahramow 79 kg çenli agram derejede bürünç medal gazandy.

Söweş sambosy boýunça ýaryşda Kadyrjan Gafurow, Kerim Kerimow we Isa Arslanow dagy 71 kg çenli agram derejesinde medalyň üç görnüşini - altyn, kümüş we bürünç medallary gazandylar. 58 kg çenli agram derejesinde Ahmet Taňryberdiýew kümüş, Alehan Aýdogdyýew bolsa bürünç medal gazandylar.

Ýaryşyň ikinji gününde türkmen samboçylary jemi ýedi medal gazandylar: bir altyn, iki kümüş we bäş bürünç medal.

Türkmen türgenleri tutuş ýaryşyň dowamynda 13 medal gazanmagy başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň