Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

OPEK guramasynyň Baş sekretary: dünýä energiýa geçişlige 10 trillion dollar sarp etdi

09:4112.02.2025
0
12073
OPEK guramasynyň Baş sekretary: dünýä energiýa geçişlige 10 trillion dollar sarp etdi
Surat: caliber.az

Dünýäde soňky 20-25 ýylda energiýa geçişlik taslamasyna tas 10 trillion dollar harçlandy, emma gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä energiýa ulgamyndaky paýy heniz hem 2-3 göterim bolmagynda galýar.

Bu barada OPEK guramasynyň Baş sekretary Haýsam al-Gaýs «India Energy Week» halkara maslahatynda çykyş edende aýtdy diýip, TASS ýazýar.

Al-Gaýsyň sözlerine görä, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler bilen gazylyp alynýan ýangyjyň haýsam bolsa birini saýlamak barada jedelleşmegiň geregi ýok.

«Nämüçin olar özara bäsleşip, bir-birini ýok etmeli? Gazylyp alynýan ýangyç mundan 40-50 ýyl öňem 82 göterimi tutýardy, henizem 80–81 göterimi eýeleýär. Dünýä soňky 20-25 ýylda gaýtadan dikeldilýän çeşmelere geçmek diýlenine 10 trillion dollara golaý serişde sarp etdi. Gaýtadan dikeldilýän çeşmeler heniz hem bary-ýogy 2-3 göterimi tutýar» diýip, guramanyň baş sekretary aýtdy.

Al-Gaýs OPEK halkara guramasynyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň peýdalanmagyna garşy däldigini, bu ugurda sazlaşykly çemeleşmä ugur alýandygyny we munda esasy maksadyň energiýa howpsuzlygy bolmalydygyny nygtady. Ol sözüni: «Dünýä nebitsiz togtar, ösüp bilmez» diýen jümle bilen tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň