Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan boýunça IAEA-nyň çarçuwaly maksatnamasy işlenilip taýýarlanylar

19:5711.02.2025
0
24502
Türkmenistan boýunça IAEA-nyň çarçuwaly maksatnamasy işlenilip taýýarlanylar
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň direktory Ewe-Kýulli Kalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň atom energiýasyny bütin dünýäde parahatçylygy, saglygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen ulanmagyň çygrynda işjeňleşýändigini bellediler.

Söhbetdeşler häzirki we geljekki bilelikdäki taslamalary, hususan-da, radiobejergi gullugyny döwrebaplaşdyrmak, radiasiýa howpsuzlygy boýunça kanunçylyk binýadyny rejelemek boýunça işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda IAEA-nyň çäklerinde Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň esasy hyzmatdaş bolup çykyş edýändigi bellenildi. Şeýle-de taraplar Türkmenistan boýunça IAEA-nyň çarçuwaly maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagynyň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkeziniň gurluşygynyň çäginde IAEA-nyň bilermenlerini çekmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Taraplar Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň agzalan departamenti bilen Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň