Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji martda köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmagy tabşyrdy, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi açylar, Russiýanyň ilçisi türkmen-rus gatnaşyklarynyň berk binýada eýedigini belläp geçdi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
3. Türkmen halkynyň Milli Lideri Garagum derýasynyň demirgazygynda ýerleşýän lagym suwlaryny gaýtadan işleýän desga bilen tanyşdy. Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedowa täze toplumyň işleýiş tertibi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi, şeýle hem lagym suwlaryny gaýtadan işlemek üçin niýetlenen enjamlar bilen tanyşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak desgada hünärmenleriň öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşmeginiň zerurdygyny belledi we suwy arassalamak işleriniň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigini aýtdy.
4. Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin Moskwa bilen Aşgabatyň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýada eýedigini aýtdy. Wolynkin Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan makalasynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň hemişe umumy taryha we oňyn dialoga esaslanandygyny belledi. Russiýada her ýyl 10-njy fewralynda Diplomatik işgärleriň güni bellenilýär. Bu baýramçylyk Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2002-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky Permany bilen döredildi.
5. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 2700 orunlyk ýokary okuw mekdebiniň 2025-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy. Täze bilim ojagy ýurtda telekeçilik we işewürlik ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamakda ýöriteleşen ilkinji ýokary okuw mekdebi bolar. Täze ýokary okuw mekdebiniň düzüminde alty fakultet hereket eder we Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 183-nji jaýynda ýerleşer.
Dünýäde
6. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp maliýe ministri Skott Bessente önümçilik çykdajylarynyň ýokarydygy sebäpli bir sentlik şaýy pulunyň, ýagny penniniň çykarylmagyny bes etmegi tabşyrdy. CNN-iň habaryna görä, bu şaýy pulunyň önümçiliginiň gymmatlamagynyň sebäpleriniň biri metallaryň bahasynyň ýokarlanmagydyr. Bilermenler pennilerden ýüz öwürmegiň satyjylaryň we kassirleriň wagtyny tygşytlamak arkaly kärhanalara peýda getirip biljekdigini aýdýarlar.
7. Los-Anjelesde geçirilen 52-nji «Annie Awards» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda «Ýabany robot» filmi ýeňiş gazandy. «DreamWorks» studiýasynyň animasion filmi dokuz sany esasy ugurda ýeňiji bolup, iň gowy animasion çeper filmi, iň gowy režissura, iň gowy dizaýn we aýdym-saz goldawy baýraklaryna mynasyp boldy.
Sport täzelikleri
8. Hytaýyň Harbin şäherinde geçirilýänk 9-njy gyşky Aziýa oýunlarynyň çäklerinde hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 9-10-njy orunlar ugrunda Kuweýtiň topary bilen duşuşar. Harbinde geçirilýän hokkeý ýaryşy Aziýa oýunlarynyň resmi açylyşyndan dört gün öň başlandy. Bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyrynda türkmen hokkeýçileri Hytaýyň Makaosynyň (26:0) we Hindistanyň (19:1) toparlaryndan üstün çykdylar, emma Hytaý Gonkongyndan (1: ) ýeňildiler. Indi Aziýada-2025-de olar 9-10-njy orunlar ugrundaky oýunda soňky tapgyrda Bahreýniň toparyndan (34:0) üstün çykyp, ýaryşdaky iň uly tapawut bilen ýeňiş gazanan Kuweýtiň topary bilen duşuşmaly bolarlar
9. Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Duşanbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň çempionatynyň birinji tapgyrynda Gyrgyzystanyň topary bilen deňme-deň oýnady. Ýekşenbe güni geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Läle Haipowa tapawutlandy. Günüň başga bir duşuşygynda Eýranyň wekilleri Özbegistanyň toparyny 9:0 hasabynda ýeňdiler. Zenanlaryň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda CAFA-2025-iň indiki, ikinji tapgyrynyň oýunlary 10-njy fewralda geçiriler. Bu gün Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistanyň topary bilen oýnar, Gyrgyzystanyň zenan futzalçylary bolsa Täjigistandan garşydaşlary bilen duşuşarlar.