«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry Aşgabatdaky we Gökdepe etrabyndaky müşderilerine amatly teklip hödürleýär – 150 manatdan başlaýan bahalardan süýjülik sargyt edilende eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
«Zyýat Hilde» tortlar, çörek önümleri, konditer önümleri, bölekleýin süýjülikler we beýlekiler hödürlenýär.
Aksiýa eýýäm ýerli ýaşaýjylaryň, esasanam yzygiderli baýramçylyk çärelerini we maşgala dabaralaryny guraýanlaryň arasynda oňyn seslenmä eýe boldy. Müşderiler diňe bir hyzmatyň amatlylygyny däl, eýsem, her bir süýjüligiň abatlygyny üpjün edýän eltip bermek hyzmatynyň işgärleriniň hünär ussatlygyny hem belleýärler.
Hyzmatdan peýdalanmak üçin konditer dükanlarynyň islendigine jaň edip bilersiňiz:
- Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
- Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
- Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Täze önümler we ýörite teklipler barada has giňişleýin maglumatlary «Zyýat Hiliň» sosial ulgamlardaky resmi sahypasynda tapyp bilersiňiz.
Korporatiw müşderiler üçin ýörite hyzmatdaşlyk şertleri we aýratyn islegleri göz öňünde tutup, hususy sargytlary ýerine ýetirmek mümkinçiligi bardyr. Ussat konditerler topary möhüm wakalar üçin özboluşly süýjülikleri döretmek boýunça iň batyrgaý pikirleri durmuşa geçirmäge taýýardyr.
Şeýle-de okaň: