Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alýaskada on ýolagçyly uçar ýitdi

10:4108.02.2025
0
25881
Alýaskada on ýolagçyly uçar ýitdi
Surat: mir24.tv

Alýaskada uçar ýitdi. Howa gämisinde on ýolagçy we uçarman bardy. Bu barada «Alaska News» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

«Bering Air» kompaniýasynyň uçary Unalaklitadan Nom şäherine uçuşy amala aşyrýardy. Häzirki wagtda uçar gözlenýär. Ýaramaz howa şertleri uçary asmanda gözlemäge päsgel berýär.

Munuň öňüsyrasy Sietliň howa menzilinde ýapon we amerikan kompaniýalaryna degişli bolan iki sany ýolagçy «Boeing» uçary çaknyşdy. Netijede, olaryň biriniň ganaty, beýlekisiniň guýrugy harap boldy. Uçarlaryň biri uçuşa taýýarlanýardy we onuň üstünde 150-ä golaý ýolagçy bardy, Olary uçardan gyssagly halas etmeli boldy. Hiç kim ejir çekmedi.

Mundan biraz soňrak Filippinlerde hususy uçar ýykyldy. Dört adam pida boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň