“Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2025-nji ýylda jemi 2100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konserni welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri, ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi. Welaýatlaryň häkimliklerine pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdtda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.