Astrahanyň W.N.Tatişew adyndaky döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky ylmy-gözleg topary tarapyndan Hazar deňziniň kenaryny we Türkmenistan bilen Eýranyň serhedindäki Köpetdag dag ulgamyny öwrenmegiň barşynda astragal kösükli ösümliginiň öň näbelli bolan görnüşi ýüze çykaryldy. Bu barada belta.by saýty habar berýär.
Ösümlige biologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, geobotanik Ynklab Rüstemowyň hormatyna Astragalus Rustamovii diýlip at berildi. Täze görnüş gülleýän baldagynyň we ýapraklarynyň uzynlygynyň gatnaşygy, şeýle hem güljagazlary bilen tapawutlanýar.
Alymlar Ýewraziýada lukmançylyk we senagat üçin wajyp ähmiýetli bolan öň näbelli ösümlikleriň üç görnüşini ýüze çykardylar. Gündogar Sibiriň dag ulgamynyň çägelik sährasynda däneli ösümlikleriň täze görnüşi - tuwa arpagany (Agropyron tuvinicum) tapyldy. Köpýyllyk ösümligiň boýy 65 sm çenli ýetýär we başjagazlarynyň häsiýetli gür tüýjagazlary bilen özüne golaý bolan ösümliklerden tapawutlanýar.
Beýik Britaniýanyň we Russiýanyň gaznalarynda bar bolan XVI-XVIII asyrlara degişli gadymy gerbariý materiallaryny seljermegiň esasynda kendirler maşgalasyna degişli täze görnüş - Pallas kendiri (Poacynum pallasianum) ýüze çykaryldy. Alymlaryň pikiriçe, ol ähmiýeti boýunça ekologik we ykdysady gymmata eýe bolup durýar. Çeşmäniň belleýşi ýaly, ösümligiň ýapraklary sowuklama, çişmä garşy ulanylýar we ol köşeşdiriji täsire eýedir.