Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da mundan 100 ýyl öň ýitirilen sözsüz kinonyň ýazgysyny tapdylar

16:2107.02.2025
0
15632
ABŞ-da mundan 100 ýyl öň ýitirilen sözsüz kinonyň ýazgysyny tapdylar
Surat: gazeta.ru

Nýu-Ýork şäherinde ABŞ-nyň 16-njy Prezidenti Awraam Linkolnyň ömri barada gürrüň berýän «Linkolnyň ýüregi» atly sessiz filmiň ýitirilen plýonkasyny tapdylar. Bu barada NBC teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Filmiň plýonkasy Grinportdaky taryhy filmleriň arhiwinden tapyldy. Ol hünärmen tarapyndan arassalandy we sanlylaşdyryldy.

Ol öň Kongresiň hemişelik ýiten hasaplanýan sessiz filmleriniň 7 müňüsiniň sanawyna girizilipdi. Film 1915-nji ýylda «Universal» kompaniýasy tarapyndan surata düşürilipdir. Habarda 16 millimetrlik plýonkanyň oňat saklanandygy aýdylýar.

Filmde diňe Linkoln däl, Raýatlyk urşy döwründe Amerikanyň durmuşy barada hem gürrüň berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň