Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Maksatly Türkmen» HJ-niň aýna gurluşlary bilen täze gözýetimleri açyň

15:1707.02.2025
0
22569

«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti ýokary netijeliligi we döwrebap dizaýny bilen tapawutlanýan süýşýän aýna gurluşlaryny hödürleýär. Ulgamlar tozandan täsirli goragy we ýylylyk izolýasiýasyny üpjün edýär, şunuň bilen birlikde, sessiz işleýär.

Kompaniýa dürli görnüşli binalar, şol sanda söwda merkezleri, ofis otaglary, administratiw binalar we hususy jaýlar üçin aýna gurluşlary gurnamagy teklip edýär. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, şular ýaly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy giňişligi wizual taýdan giňeltmäge, ýagtylygy artdyrmaga we has amatly gurşaw döretmäge mümkinçilik berýär.

Süýşýän gurluşlaryň esasy aýratynlygy düýpli abatlaýyş işlerini geçirmezden, otaglary zolaklara bölmek mümkinçiligidir. Ulgamlar binanyň binýadyna goşmaça agram salmaýar we örän az hyzmaty talap edýär – olary adaty aýna arassalaýjy serişde bilen yzygiderli arassalamak ýeterlikdir.

«Maksatly Türkmen» hyzmatlaryň doly toplumyny, şol sanda mugt ölçeg almak, sargydy çalt ýerine ýetirmek we hil kepilligi bilen ýokary derejeli gurnama hyzmatlaryny hödürleýär.

Hödürlenýän önümler turkmenglass.com saýtynda ýa-da şu salgy boýunça kompaniýanyň Aşgabatdaky ofisinde tanşyp bilersiňiz: G.Kuliýew köçesi, 28-nji jaý.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefonlara ýüz tutup bilersiňiz: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň