Gresiýanyň Parlamenti ses berlişigiň üçünji tapgyrynda hem ýurduň Prezidentini saýlap bilmedi, ýagny dalaşgärleriň hiç biri-de deputatlaryň umumy sanynyň sesiniň 5-den 3 bölegini (300-den 180) gazanmagy başarmady. Dördünji tapgyr 12-nji fewralda geçer diýip, Parlamentiň başlygy Nikitas Kaklamanis habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
Hökümet başlygy Kiriakos Misotakis tarapyndan döwlet Baştutanynyň wezipesine hödürlenen öňki Parlament başlygy, «Täze demokratiýa» dolandyryjy partiýasynyň agzasy Konstantinos Tasulas öňki iki tapgyrdaky ýaly, ýene-de sesleriň 160-syny aldy. Beýleki dalaşgärleriň üçüsi ondan az ses aldylar.
Tasulas dördünji tapgyrda Prezident saýlanyp biler diýlip çaklanýar, munuň üçin 151 ses gerek. Onuň wekilçilik edýän «Täze demokratiýa» partiýasy 156 mandata eýedir, Tasulasy şeýle hem birnäçe garaşsyz deputatlar, şol sanda öňki Premýer-ministr Antonias Samaras hem goldaýarlar diýlip, habarda bellenýär.