Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşky gurşawy goramak ministri Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşdy

12:3306.02.2025
0
22108
Daşky gurşawy goramak ministri Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşdy
Surat: mineco.gov.tm

Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşyk geçirildi.

Ministirligiň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda taraplar daşky gurşawy we howanyň üýtgemegi meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ugurda alynyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ugurlara aýratyn üns berildi.

Ilçi Saud Arabystany Patyşalygy tarapyndan Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldamak hem-de bilelikdäki taslamalary ösdürmek ugrundaky gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň