Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:2206.02.2025
0
20774

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri Harbinde geçirilýän gyşky Aziýa oýunlaryna ýeňiş bilen başladylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Döwlet Baştutany ýurduň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini ara alyp maslahatlaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow ýapon tarapyny şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

3. Şeýle hem Nagaşima saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Döwlet Baştutany türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Öz gezeginde, Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi öz ýurdunda şu ýylyň aprel aýynda Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO-2025» bütindünýä sergisiniň işine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Adalat ministrligine Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň edara binasynyň taslamalaryny düzmäge ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň fewral aýynda başlamak hem-de edara binalaryny 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

5. Duşenbe şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň altynjy duşuşygy geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alyşyldy.

Dünýäde

6. Wodorod bilen işleýän aeromobillerde ýolagçy gatnawy Gazagystanda 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda ýola goýlup biler. Bu barada ulag ministri Marat Karabaýew metbugat maslahatynda belläp geçdi. Uçýan ulaglaryň ilkinji ugry Almaty bilen Alatau şäherini birleşdirer. Ministriň bellemegine görä, aeromobiller wodorod ýangyjy bilen işleýän we bäş ýolagça çenli göterip bilýän ykjam uçýan ulaglardyr. Tehnologiýa Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň kompaniýalary tarapyndan işjeň ösdürilýär hem-de häzirki wagtda Gazagystanyň kärhanalary hem bu ugry ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

7. Nýu-Meksikonyň Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň alymlary adam beýnisiniň dokumalarynda mikroplastigiň konsentrasiýasynyň soňky sekiz ýylda bir ýarym esse artandygyny anykladylar. Demensiýaly näsaglarda adaty ýagdaýdan on esse köp plastik bölejikleriniň bolmagy aýratyn alada döredýär. Gözlegiň çäklerinde alymlar 2016 we 2024-nji ýyllarda alnan adam dokumalarynyň nusgalaryny seljerdiler. Netijeler beýnide, bagyrda we böwreklerde plastik bölejikleriň konsentrasiýasynyň ep-esli artandygyny görkezdi, bu bolsa bütin dünýäde plastik zerarly hapalanmanyň has-da ýokarlanmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Sport täzelikleri

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri Harbinde geçýän 9-njy gyşky Aziýa oýunlarynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji oýnunda Hytaýyň Makaosynyň toparyny uly hasap bilen ýeňmegi başardylar. Duşuşyk 26:0 hasabynda tamamlandy. 6-njy fewralda « Türkmenistanyň milli ýygyndysy Hindistanyň topary bilen duşuşar, 9-njy fewralda bolsa toparçalaýyn tapgyry Hytaýyň Gonkongynyň ýygyndysyna garşy oýun bilen tamamlar.

9. 14 – 23-nji fewral aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy geçiriler. Bäsleşige alty topar gatnaşar: «Arkadag», «Ahal», «Şagadam», «Merw», «Aşgabat», «Nebitçi». Duşuşyklaryň hemmesi «Aşgabat» köpugurly stadionda geçiriler. Düzgüne görä, ýaryş aýlaw ulgamy boýunça geçiriler we iň köp utuk gazanan ýeňiji diýlip yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň