Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan migrasiýa boýunça Bangkokda geçirilýän sebitleýin maslahata gatnaşýar

19:3205.02.2025
0
19171
Türkmenistan migrasiýa boýunça Bangkokda geçirilýän sebitleýin maslahata gatnaşýar
Surat: migration.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Halkara migrasiýa guramasy (IOM) bilen bilelikde guramagynda Howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýa hakynda Ählumumy Ylalaşygyň ýerine ýetirilişi boýunça ikinji Aziýa — Ýuwaş umman sebitleýin maslahatyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

4-nji fewralda öz işine başlan maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, ýurduň migrasiýa ulgamynda dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän ähmiýetli işler, bu ugurda toplanan oňyn tejribeler barada durup geçdi.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Halkara migrasiýa guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi hem-de Howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýa hakynda Ählumumy Ylalaşygyň wezipeleri, olaryň durmuşa geçirilişi barada bellenilip geçildi.

Maslahat öz işini 6-njy fewrala çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň