Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da sil joşgunlaryna bagyşlanan muzeý gark boldy

18:0005.02.2025
0
18356

ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Jonstaun diýen ýerindäki Sil joşgunlary muzeýi gark bolandygy sebäpli ýapyldy. Bu barada «HuffPost» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar.

Muzeý içki binalary suwuň basandygy sebäpli wagtlaýyn işlemez. Muňa golaýda adatdan daşary sowuk howada binanyň içine suw syzmagyna getiren lagym ulgamynyň näsazlygy sebäp boldy.

Suw muzeýiň diwarlaryndan geçip, halylary, üçek plitkalaryny we gipskartony haraplady. Hernä, taryhy gymmatlygy bolan eksponatlara zeper ýetmedi. Suw syzmagynyň wagtynda anyklanmagynyň has uly ýitgileriň öňüni almaga mümkinçilik berendigini muzeýiň işgäri Nikki Bosli habarçylara gürrüň berdi.

Muzeý Jonstaunda 1889-njy ýylda bolan we ABŞ-nyň taryhynda iň uly tebigy heläkçilikleriň biri hasaplanýan Beýik sil joşmasyna bagyşlanandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň