Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rumyniýanyň «Akylly» şäherler birleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

14:1905.02.2025
0
18072

4-nji fewralda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Anaýew Rumyniýanyň «Akylly» şäherler birleşiginiň (RAŞB) başlygy Eduard Dumitrasku bilen duşuşdy. Onda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Rumyniýanyň «Akylly» şäherler birleşigi öz işine 2016-njy ýylda başlady. Ol «akylly» şäher senagaty bilen baglanyşykly dürli ugurlarda iş alyp barýan bilermenleri we hünärmenleri özüne birleşdirýär. Häzirki wagtda birleşigiň 300-den gowrak hyzmatdaşy bar.

Eduard Dumitrasku birleşigiň diňe bir «akylly» däl, eýsem, beýleki ugurlarda ösen şäherleri döretmek üçin hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde Rumyniýanyň halkara hyzmatdaşlar üçin açykdygyny belledi.

Soňra türkmen tarapy «akylly» Arkadag şäherini tanyşdyrdy. Şeýle-de Türkmenistanda alnyp barylýan özgertmeleriň ähmiýeti we Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň gidişi barada maglumat berildi.

RAŞB-nyň başlygy öz çykyşynda Türkmenistan bilen strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şol sanda Arkadag şäherini şäher ussatlygynyň global nusgasy hökmünde ýerleşdirmek maksady bilen anyk çäreleri görmek isleýändigini mälim etdi.

Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilendigine ünsi çekip, munuň ýurda maýa goýumlaryny çekmek üçin zerur bolan durnuklylyk, ösüş we hyzmatdaşlyk gurşawyny döredýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, RAŞB-nyň başlygy 17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» halkara forumyna gatnaşmaga çagyryldy.

Eduard Dumitrasku bu foruma gatnaşmaga çagyrylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol bu çäräniň möhüm hyzmatdaşlygy berkitmek we Türkmenistanyň depginli ösýän ykdysadyýetine maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ajaýyp platforma bolup hyzmat etjekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň