Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenstandartlarynyň» çig nebiti synag edýän barlaghanasy ISO/IEC 17025 şahadatnamasyna eýe boldy

10:4805.02.2025
0
12335

«Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň Önümiň hilini synag edýän barlag bölüminiň Hazar şäherçesindäki çig nebiti synag edýän barlaghanasy Wengriýanyň Milli akkreditasiýa edarasynyň baha bermeginiň netijelerine laýyklykda NAH-1-1938/2024 belgili akkreditasiýa şahadatnamasyna eýe boldy. Şahadatnama 2024-nji ýylyň 19-njy dekabryndan 2029-njy ýylyň 19-njy dekabryna çenli hereket edýär.

Westiabad saýtynyň habar bermegine görä, Döwlet etalon merkeziniň ylmy-usuly, marketing we halkara tejribäni öwreniş bölüminiň ýolbaşçysy Aýna Söýünowadan alan maglumatyna laýyklykda, bu barlaghana «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň düzüminde «Synag ediş we kalibrleme barlaghanalaryna bildirilýän umumy talaplar» ISO/IEC 17025:2017 halkara standartyna laýyklykda halkara akkreditasiýadan geçen ilkinji synag ediş barlaghanasydyr.

Alnan akkreditasiýanyň ugry boýunça aşakdaky usullary ulanmak bilen, çig nebiti synag etmek üçin Hazar şäherindäki synag ediş barlaghanasyny bahalandyrmaga arza berlipdir:

• ASTM D 4052-96 halkara standarty boýunça sanly dykyzlyk ölçeýji abzalyny ulanyp, çig nebitiň dykyzlygyny we otnositel dykyzlygyny kesgitlemegiň usuly;
• ASTM D 4006 we GOST 33700-2015 halkara standartlary boýunça işläp saplamak usuly bilen çig nebitdäki suwuň mukdaryny kesgitlemegiň standart usuly;
• ASTM D 3230 halkara standarty boýunça elektrometrik usul bilen çig nebitdäki duzlary (hloridleri) kesgitlemegiň standart usuly;
• ASTM D 473 we DIN 51789 halkara standartlary boýunça ekstrakt usuly bilen çig nebitdäki çökündini kesgitlemegiň usuly;
• ASTM D 5853 - 09 halkara standarty boýunça nebit önümleriniň akaganlygyny ýitirme nokadyny kesgitlemegiň standart usuly.

Barlaghanany akkreditirlemegiň esasy maksady synagyň netijeleriniň ynamlylygyny üpjün etmek we synagyň netijeleriniň özara ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

ISO/IEC 17025 barlaghanalaryna synaglaryň näderejede ýokary ygtybarlylyk bilen ýerine ýetirilýändigini we ygtybarly netijeleriň berilýändigini görkezmäge mümkinçilik berýär.

Saýtda bellenilişi ýaly, synag teswirnamalary dürli ýurtlarda goşmaça synaglary geçirmek zerurlygy bolmazdan kabul edilip bilner, bu bolsa öz gezeginde halkara söwdasynyň ösmegine ýardam berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň