Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hepdäniň ahyrynda Türkmenistanda gar gatyşykly ýagyşyň ýagmagyna garaşylýar

09:4604.02.2025
0
30347

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-3°С sowukdan +2...+4°С aralygynda maýyl, gündizlerine 0...+2°С-dan +13...+15°С aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-5°С sowukdan +2...+7°С aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+15°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6...+11°С maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1°С-dan +1...+6°С aralygynda maýyl, gündizlerine -2...+3°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1°С-dan +1...+6°С aralygynda maýyl, gündizlerine -1...+4°С-dan +13...+18°С aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-5°С sowukdan 0...+5°С aralygynda maýyl, gündizlerine -1...+4°-dan +13...+18°С aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-7°С sowukdan -2...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine -3...+2°С-dan +7...+12°С aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň