Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy

09:3904.02.2025
0
15019

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

BAE-niň we Türkiýäniň telekeçilerine jins matalary hem-de pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin polipropileni, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem buýan köküniň goýaldylan ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 67 million 450 müň manada deň boldy.

Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň