Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III «Amazon» kompaniýasynyň striming serwisiniň dokumental filminde surata düşýär. «The Times» gazetiniň ýazmagyna görä, film monarhyň haýyr-sahawat we ekologik başlangyçlary barada gürrüň berýär. Filmiň ilkinji görkezilişi geljek ýyl bolar.
2010-njy ýylda Karl III heniz tagt mirasdüşerikä, «Harmony: A New Way of Looking at Our World» («Sazlaşyk: biziň dünýämize täzeçil garaýyş») diýen at bilen kitap ýazyp, onda adam bilen tebigatyň sazlaşykly ýaşamagy barada pikirlerini beýan edipdi hem-de adamzady tebigata aýawly çemeleşmäge çagyrypdy. Şeýle at bilen surata düşürilen dokumental film 2012-nji ýylda tomaşaçylara ýetirildi.
Patyşa Karl III tebigaty goramak babatda işjeň haýyr-sahawat işini alyp barýandygy bilen tanalýar.