Top.Mail.Ru

Arhiw

Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy

23:1601.02.2025
0
28299

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi – topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi – topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýew bu sylag bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda atçylygy ösdürmekde, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermekde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti we hünär ussatlygy nazara alnyp sylaglandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň