Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistanyň Hökümet başlygy ýurduň Senasyny üýtgetmegi teklip etdi

09:4101.02.2025
0
14129
Ermenistanyň Hökümet başlygy ýurduň Senasyny üýtgetmegi teklip etdi
Surat: news.yarach.ru

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan ýurduň Senasynyň bentlerini üýtgetmek barada teklip bilen çykyş etdi, onuň pikiriçe, Senanyň sözleri Ermenistany şöhratlandyrýan sözler bilen tamamlanmalydyr.

«Senanyň iň soňky we ikinji bentleriniň ýerini çalyşmak gerek diýip hasaplaýaryn. Biziň Senamyz şeýle tamamlansyn: «Goý, hemişe Ermenistan şan-şöhrata beslensin». Häzir ol heläk bolunýan sahnany suratlandyrmak bilen tamamlanýar, biz üstesine oňa el çarpýarys hem» diýip, Paşinýan Ýerewan şäherinde geçen metbugat-maslahatynda aýtdy.

30-njy ýanwarda Ermenistanyň Parlamentiniň başlygy Alen Simonýan ermeni döwletliliginiň we medeniýetiniň aýdyň şöhlelendirilmeginiň hatyrasyna döwlet Tugrasyny we Respublikanyň Senasyny üýtgetmegi teklip etdi.

Bu barada TASS ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň